Owganystanda terror guramasy DAIŞ-e agza 615 adam boýun egdi

Boýun egenleriň arasynda daşary ýurtlylar hem bar

1307654
Owganystanda terror guramasy DAIŞ-e agza 615 adam boýun egdi

 

Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar welaýatynda terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirlen oeprasiýada gurama agza 615 adam howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Goranmak ministrligi Nangarhar welaýatynyň Açin etrabynda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýanyň geçirlendigini mälim etdi.

Operasiýanyň çäginde çagalar we zenanlar bilen birlikde DAIŞ-e agza 615 adamyň howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigi nygtaldy.

Boýun egenleriň arasynda daşary ýurtlylaryň hem bardygy ýatladyldy.

Beýanatda operasiýanyň dowam edýändigi bellenildi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar