Türkiýe Germaniýanyň 10 raýatyny öz ýurduna ugradar

Burger: “Türkiýeden Germaniýa şu hepde ugradyljak 10 adamyň 3-si erkek, 5-si zenan, 2-siniň bolsa çagadygyny aýdyp bilerin” diýip belledi

1304735
Türkiýe Germaniýanyň 10 raýatyny öz ýurduna ugradar

Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Kristofer Burger, ýurdyň paýtagty Berlindäki Federal Metbugat binasynda geçiren metbugat işgärleriniň ýygnagynda, Türkiýeden şu hepde ýurduna ugradyljak nemes raýatlar bilen baglanşykly beýanat berdi.

Burger: “Türkiýeden Germaniýa şu hepde ugradyljak 10 adamyň 3-si erkek, 5-si zenan, 2-siniň bolsa çagadygyny aýdyp bilerin” diýip belledi.

Germaniýanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda bu adamlaryň şahsyýetleriniň anyklanandygyny we ählisiniň Germaniýanyň raýatydygyny aýdan Burger, bu adamlaryň terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşykly bolup-bolmandygyny häzirki wagtda aýtmajakdygyny, emma Türkiýeden iberiljek 2 zenanyň Siriýada galandygy barada käbir delilleriň bardygyny habar berdi.

Germaniýanyň metbugatynda berilýän habarlarda bolsa, DAIŞ bilen arabaglanşygy bolan azyndan 7 adamyň Türkiýeden Germaniýa ugradyljakdygy aýan edildi.

Içeri işler ministriň orunbasary we ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Çatakly, daşary ýurtly terrorçy söweşijileriň yzyna öz ýurtlaryna ugradylmak etabynyň düýn başlandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar