Rus esgerleri Siriýanyň demirgazygynda gözegçilik işlerini dowam etdirýär

Rus esgerleri ylalaşyga laýyklykda asuda ilatyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin tagalla edýär

1295118
Rus esgerleri Siriýanyň demirgazygynda gözegçilik işlerini dowam etdirýär

 

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýanatda, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda rus esgerleriniň Siriýanyň demirgazygynda gözegçilik işlerini dowam etdirýändigi nygtaldy

Beýanatda  “Siriýa-Türkiýe serhedinde rus esgerleri täze gözegçilik işlerini geçirdi. Siriýanyň demirgazygynda Kaşymly şäherinden Matal etrapçasyna we şol ýerden hem gündogara tarap jemi uzunlygy 210 kilometrlik meýdanda gözegçilik işleri geçirildi” diýildi.

Beýanatda rus esgerleriniň ylalaşyga laýyklykda asuda ilatyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin tagalla edýändigi bellenildi.

Beýanatda şeýle hem rus esgerleriniň terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Siriýa-Türkiýe serhediniň 30 kilometr daşyna çykarylmagyna ýardam bermäge dowam edýändigi ýatladyldy

 

 

 

 



Degişli Habarlar