Kreml, Soçi duşuşygy bilen bagly beýanat berdi

Russiýa, Putin-Erdogan duşuşygynyň Siriýanyň demirgazygy bilen baglanşykly Ankaranyň meýilnamalarynyň has gowy düşünilmegini üpjün etjekdigini beýan etdi

1292463
Kreml, Soçi duşuşygy bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Russiýanyň Döwlet Baştutany Wladimir Putin bilen şu gün Soçide geçirjek duşuşygy bilen baglanşykly Kreml tarapyndan beýanat berildi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow beren beýanatynda: “Duşuşyk bilen Siriýanyň demirgazygy bilen baglanşykly Ankaranyň meýilnamalarynyň has gowy düşünilmegini üpjün etjekdigini umyt edýäris” diýip belledi.

Peskow, Germaniýanyň Howpsyz zolagyň halkara mehanizm tarapyndan gözegçilik edilmegi bilen bagly teklibiniň üstünde hem işlejekdiklerini habar berdi.

Erdogan-Putin duşuşygynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry, Türkiýäniň Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen Siriýada dörediljek Howpsyz zolak bolar.



Degişli Habarlar