ABŞ-nyň Goranmak ministri Esper garaşylmadyk ýagdaýda Owganystana bardy

Esper bilen Gani Taliban bilen geçirilýän parahatçylyk gepleşikleri hakynda pikir alyşdy

1291457
ABŞ-nyň Goranmak ministri Esper garaşylmadyk ýagdaýda Owganystana bardy

 

Garaşylmadyk ýagdaýda Owganystanyň paýtagty Kabula baran ABŞ-nyň Goranmak ministri Mark Esper, Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani bilen duşuşdy

Owganystan tarapyndan berlen beýannamada duşuşyga ABŞ-nyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Boss bilen NATO-nyň Owganystandaky serkerdesi Skot Miller hem gatnaşdy.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Esper, Owganystanda prezident saýlawynyň üstünlikli ýagdaýda geçirilmeginden hoşaldygyny belledi.

Esper, ABŞ-nyň owgan howpsyzlyk güýçlerine goldaw berýändigini nygtady

Esper bilen Ganiniň Taliban bilen geçirilýän parahatçylyk gepleşikleri hakynda pikir alyşandygy bellenildi

Owganystanda NATO-nyň çäginde iş alyp barýan 14 müň Amerikan esgeri bar

 

 

 



Degişli Habarlar