Tramp: “Ukraina we Hytaý Jo Baýdyny we ogly Hunter Baýdyny derňemeli”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ukrainanyň we Hytaýyň Demokrat partiýadan prezidentlige dalaşgär bolan Jo Baýdyny we ogly Hunter Baýdyny derňemelidigini aýtdy

1281525
Tramp: “Ukraina we Hytaý Jo Baýdyny we ogly Hunter Baýdyny derňemeli”

Tramp Florida ştatyna gitmezinden ozal Ak Tamyň howlusynda žurnalistlere beýanat berdi.

Tramp wezipeden aýrylmagy boýunça iş gozgalmagyna sebäp bolan Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde kardeşinden näme isländigi soralanda: “Eger meselä içgin çemeleşýän bolsalar Baýdynlar hakynda uly derňew işini başladar” diýip, jogap berdi.

Hytaýyň hem Jo we Hunter Baýdyny derňemelidigini nygtan Tramp; “Emma heniz Hytaýdan muny islemedim” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp we Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Zelenskiýniň arasynda geçirilen jedelli telefon söhbetdeşligi Amerikan Kongresindäki Demokratlaryň Trampyň wezipeden boşadylmagy boýunça derňew işini gozgamagyna sebäp bolupdy.



Degişli Habarlar