Medwedew Kuba sapar guraýar

Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedew ABŞ tarapyndan sanksiýa goýulan Kuba goldaw saparyny guraýar

1281546
Medwedew Kuba sapar guraýar

ABŞ-nyň Wenesuela we Nikaragua ýaly sanksiýalar bilen basyş edýan, soňky döwürde ýangyç ýetmezçiligini başdan geçirýän Kuba sapar guran Medwedew döwlet Ýolbaşçysy Miguel Diaz-Kanel bilen birnäçe hökümetara ylalaşygyna gol çekişer.

Sebitde çap edilýän neşirlerde saparda iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, medeniýet, maýa goýum we adam resurslery pudaklaryndaky bar bolan gatnaşyklaryň seljeriljekdigi beýan edilýär.

Russýanyň Hytaý, İspaniýa, Wenesuela we Kanada bilen bilelikde Kubanyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biri bolandyny beýan edýän habarlarda Kubanyň Russiýadan 75 sany lokomotiw satyn alandygy nygtalýar.

Şeýle-de Kubanyň her gün 42 müň barrel nebit öndürýändigi we özüne gerek bolan 62 müň barrel nebiti Russiýadan hem-de Wenesueladan üpjün etmäge synanşýandygy ýatladylýar.



Degişli Habarlar