"Kakamyň jenaýaty hakynda gozgalan kazyýet işinde Saud Arabystanynyň kazyýet organlaryna ynanýaryn"

"Men hem kakam ýaly watanyma we onyň ýolbaşçylaryna wepaly bolaryn”

1279239
"Kakamyň jenaýaty hakynda gozgalan kazyýet işinde Saud Arabystanynyň kazyýet organlaryna ynanýaryn"

Geçen ýyl öldürlen Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçynyň ogly Salah Kaşykçy, kakasynyň jenaýaty hakynda gozgalan kazyýet işinde Saud Arabystanynyň kazyýet organlaryna ynanýandygyny nygtady.

Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda geçen ýyl öldürlen saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň ogly Salah Kaşykçy Twitterden beren beýanatynda “1 ýyl ozal ezizi kakamyzy ýitirdik. Ozal hem belleýşim ýaly Saud Arabystanynyň kazyýet organlarynyň adalaty üpjün etjekdigine we şol elhenç jenaýatyň jogapkärlerini jezalandyrjakdygyna doly ynanýaryn. Men hem kakam ýaly watanyma we onyň ýolbaşçylaryna wepaly bolaryn” diýdi.

Resmi işleri üçin 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygyna giden Saudy žurnalist Kaşykçy konsullykda öldürlipdi.

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisarlygy tarapyndan iýun aýynda taýarlanan 101 sahypalyk habarnamada, Jemal Kaşykçynyň bilkastlaýyn öldürilmeginden Saud Arabystanynyň jogapkärdigi nygtalypdy

 



Degişli Habarlar