Russiýanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrleri 11 ýyl soň ilkinji gezek duşuşdy

Şweýsariýanyň töwellaçylyk etmeginde bolan duşuşykda özara gatnaşyklar bilen sebitara howpsyzlyk meselesi seljerildi

1277511
Russiýanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrleri 11 ýyl soň ilkinji gezek duşuşdy

Russiýanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrleri 2008-nji ýylda başdan geçirlen Günorta Osetýa söweşinden soň ilkinji gezek ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde duşuşdy

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Laworw bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawit Zalkalianiniň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäginde Nýu-Ýorkda duşuşandygy nygtaldy

Şweýsariýanyň töwellaçylyk etmeginde bolan duşuşykda özara gatnaşyklar bilen sebitara howpsyzlyk meselesiniň seljerlendigi ýatladyldy

Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawit Zalkaliani hem duşuşykda Günorta Osetýa meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny ýatlatdy

Zalkaliani Gruziýadan bir taraply ýagdaýda garaşsyzlygyny yglan eden Abhaziýada we Günorta Osetýada başdan geçirilýän wakalary BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde ähli halkara hyzmatdaşlaryna gürrüň berendiklerini belledi

 

 

 

 



Degişli Habarlar