Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gepleşikleriniň nobatdakysy oktýabrda geçiriler

Hytaý we ABŞ, söwda gepleşikleriniň nobatdaky 13-nji tapgyrynyň oktýabr aýynda Waşingtonda geçirilmegi babatynda ylalaşdylar

1264141
Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gepleşikleriniň nobatdakysy oktýabrda geçiriler

Hytaýyň Söwda ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Hytaý tarapynyň wekiliýetiniň başlygy, Hytaýyň Merkezi Maliýe we Ykdysadyýet liderlik toparynyň direktory we Wise-premýer Liu Hy, ABŞ-nyň Gazna ministri Stiwen Mnuçin  we Söwda wekili Robert Laýthaýzer bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliginde taraplar 13-nji Hytaý-ABŞ Söwda we Ykdysadyýet ýokary derejeli gepleşikleriň ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda geçirilmegi babatynda ylalaşyp, ozalky ýakyn aragatnaşygy dowam etdirjekdiklerini habar berdiler.

Öňümizdäki aý geçiriljek gepleşiklerde möhüm öňe gidişlikleriň edilmegi üçin taýarlyklaryň tamamlanmagy babatynda bolsa şu aýyň ortasynda dostlukly gepleşikleriň başlajakdygy beýan edildi.

Iki ýurdyň arasynda bir ýyly we 12 gepleşigi geçmegine garamazdan, hiç hili ylalaşyga gelinmedik gepleşiklerde iki ýurdyň arasyndaky dartgynlyk, Hytaýyň tehnologiýa kärhanalary we iýun aýyndan bäri eden-etmişlileriň Hytaýa gaýtarylyp berilmegi bilan bagly kanun taslamasy sebäpli dowam edýän protestler Gongkonga syçyrady.


Etiketkalar: #ABŞ , #Hytaý

Degişli Habarlar