Owganystanyň Prezidenti, ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Halilzad bilen duşuşdy

Duşuşykda parahatçylyk gepleşiklerinde ýetilen soňky sepgit we mundan soňky etapda durmuşa geçiriljek işler seljerildi

1262369
Owganystanyň Prezidenti, ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Halilzad bilen duşuşdy

 

Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani, ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad täze parahatçylyk saparynyň çäginde Kabula bardy we Prezident Eşref Gani bilen duşuşdy

Eşref Gani bilen Zalmaý Halizadyň duşuşykda parahatçylyk gepleşiklerinde ýetilen soňky sepgit we mundan soňky etapda durmuşa geçiriljek işler hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad düýn beren beýanatynda “Taliban bilen Katarda geçirlen parahatçylyk gepleşiklerini tamamladyk, ylalaşygyň bäri ýanyna çenli geldik” diýdi

Owganystanda Prezident Eşref Ganiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet üçin uly howp emele getirýän Taliban guramasy, ýurduň birnäçe welaýatynda täsirini dowam etdirýär.

Hökümet geçen ýyllarda birnäçe gezek Taliban bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamak üçin tagalla etdi we şol çäkde Parahatçylyk geňeşiniň döredilendigine garamazdan netije alnyp bilinmedi.

 



Degişli Habarlar