Russiýada saýlaw bilen baglanşykly protestler dowam edýär

Moskwada geçen aý başlan we hepdäniň soňky günleri geçirilýän protestlerde müňlerçe adam göz tussaglygyna alynypdy

1261608
Russiýada saýlaw bilen baglanşykly protestler dowam edýär

Russiýada müňlerçe adam protestlerde göz tussaglygyna alynanlaryň azat edilmegi üçin we Moskwanyň şäher mejlisiniň saýlawlaryna gatnaşmak isleýän garaşsyz dalaşgärleriň bellikleriniň goý bolsun edilmegi sebäpli rugsatsyz protest ýörüşini geçirdi. 

Çistyýe Prudy bulwary bilen Puşkin meýdançasynyň arasynda geçen ýörüşe, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý tarapyndan döredilen Galplyga garşy göreş ganasynyň aklawçysy Lýubow Sobol, Ýabloko partiýasynyň esaslandyryjysy Grigoriý Ýawlinskiý we müňlerçe adam gatnaşdy. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine garşy şygarlar aýdan demonstrantlar, Moskwada adalatly we garaşsyz saýlawlaryň geçirilmegini talap etdiler. 

Moskwada geçen aý başlan we hepdäniň soňky günleri geçirilýän protestlerde müňlerçe adam göz tussaglygyna alynypdy. 


Etiketkalar: #protest , #Moskwa , #Russiýa

Degişli Habarlar