Makron, Tramp bilen Ruhaniniň duşuşyk geçirmegini isleýär

“Onuň durmuşa geçmegi we ylalaşygyň gazanylmagy üçin şertler döretdik”

1258914
Makron, Tramp bilen Ruhaniniň duşuşyk geçirmegini isleýär

 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň duşuşmagyny isleýändigini belläp: “Onuň durmuşa geçmegi we ylalaşygyň gazanylmagy üçin şertler döretdik” diýip mälim etdi

Emmanuel Makron, ýurdunyň Biarris şäherinde geçirilen G7 Liderler maslahatynyň 3-nji we soňky gününden soň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen metbugat ýygnagyny geçirdi.

Maslahatyň başynda ençeme meseläniň bolandygyny we maslahatyň barşynda liderleriň arasynda jebisiligiň emele gelendigini aýdan Makron, ABŞ-nyň öňümizdäki ýyl G7 maslahatyna ýer eýeçilik etjekdigini habar berdi.

Makron, Tramp bilen şenbe güni günortan naharynda geçiren duşuşygynda ençeme meseläni maslahatlaşandygyny beýan etdi.

Tramp bolsa metbugat ýygnagynda eden çykyşynda, maslahat barada şowly geçendigini belledi.

Ruhani bilen duşuşyga taýar bolup-bolmandygy bilen bagly soraga Tramp: “Şertler dogry bolsa kabul ederin” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar