Moldowa TürkAkym-dan gaz almak isleýär

Moldowanyň Ykdysadyýet we infrastruktura ministri Wadim Bryzan Gazprom bilen gepleşik geçirilýändigini aýtdy

1255401
Moldowa TürkAkym-dan gaz almak isleýär

Moldowanyň Ykdysadyýet we infrastruktura ministri Wadim Bryzan TürkAkym tebigy gaz turba geçiriji taslamasyndan gaz almak üçin Russiýanyň Gazprom paýdarlar jemgyýeti bilen gepleşikler geçirýändiklerini beýan etdi.

Brynzan Moldowanyň paýtagty Kişinýewde metbugata beren beýannamasynda geçen ýyl Gazprom bilen gol çekişilen tebigy gaz ylalaşygynyň möhletiniň şu ýyl gutarýandygyny aýtdy.

TürkAkym taslamasyndan tebigy gaz import etmek isleýändiklerini beýan eden Bryzan; “TürkAkymdan gaz almak üçin Gazprom bilen gepleşik geçirýäris” diýdi.

Ukrainanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň we Moldowanyň arasynda geňeş platformasyny döretmek isleýändiklerini beýan eden Bryzan; “TürkAkymyň tehniki we ykdysady taraplaryny seljermek isleýäris. Ýewropa Komissiýasy şol platforma töwellaçy bolar” diýdi.

Rus gazyny Türkiýä we Ýewropa akdyrjak TürkAkym tebigy gaz turba geçirijisi her biri ýylda 15,75 milliard m3 göteriş ukybyna eýe bolan iki ugurdan ybarat.



Degişli Habarlar