Ukraina bilen Ysraýylyň arasyndaky söwda gatnaşyklary pugtalaýar

Iki ýurduň arasynda baglaşylan erkin söwda şertnamasynyň geriminiň giňeldilmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy

1254886
Ukraina bilen Ysraýylyň arasyndaky söwda gatnaşyklary pugtalaýar

Ukrainanyň Prezdenti Wladimir Zelenskiý, Ysraýyl bilen iki ýurduň arasynda baglaşylan erkin söwda şertnamasynyň geriminiň giňeldilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.

Zelenskiý resmi sapar bilen Ukraina gelen Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Ukraina bilen Ysraýylyň arasyndaky söwda mukdarynyň 1 milliard dollardan geçendigini aýdan Zelenskiý, “Ady agzalýan mukdaryň erkin söwda şertnamasynyň geriminiň giňeldilmeginden soň has-da artjakdygyna doly ynanýarys”diýdi.

Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu bolsa, iki ýurduň paýtagtlarynda döwrebap tehnalogiýa merkezleriniň açylmagy meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny belledi.

Netanýahunyň saparynyň çäginde geçirlen özara we toparara gepleşiklerden soň iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, söwda we medeniýet ýaly ugurlarda birnäçe şertnama baglaşyldy.

Ukraina bilen Ysraýylyň arasynda 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda baglaşylan erkin söwda şertnamasy geçen aý Ukrainanyň Parlamenti tarapyndan geçen aý tassyklanypdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar