Donald Trampyň Grenlandiýany satyn almak isleýändigi öňe sürüldi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň öz kömekçileri bilen geçiren duşuşygynda Grenlandiýany satyn almak meselesini gün tertibe getirendigi öňe sürüldi

1253612
Donald Trampyň Grenlandiýany satyn almak isleýändigi öňe sürüldi

“Wall Street Journal” gazedi, Trampyň maslahatlarda, berilýän naharlarda we gürrüňlerde öz kömekçilerinden ABŞ-nyň Grenlandiýany satyn alyp-almazlyk bilen bagly soraglary soraýandygyny, Grenlandiýanyň baý çeşmeleri we geosyýasy ýerleşişi bilen bagly gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňleýändigini habar berdi.

Habarda, adynyň aýan edilmegini islemeýän 2 aýry habar çeşmesi Trampyň Ak Tamda işleýän kömekçilerinden bu meseläni derňemegini isländigini habar berdiler.

Assoşieýted Press agentliginiň Trampa ýakyn töwerekdendigini bellän bir habar çeşmesine esaslanyp beren habarynda, habar çeşmesiniň Trampyň Grenlandiýany satyn almak meselesini agzap geçendigini, emma onuň gutarnykly netijesiniň bolmandygyny aýan etdi.

Ak Tam we Daniýanyň hökümeti bolsa mesele bilen bagly entek beýanat bermedi.

Donald Trampyň öňümizdäki aý Daniýa sapar guramagyna garaşylýar.

ABŞ-nyň ozal Prezidenti Garri Truman, 1946-njy ýylda Demirgazyk Buzly okeanynda Daniýa degişli bolan Grenlandiýany satyn almak üçin Daniýa 100 million dollarlyk altyn teklip edipdi.



Degişli Habarlar