Gruziýadan Putine Abhaziýa bilen bagly reaksiýa

Resmi Tbilisi, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Gruziýadan birtaraplaýyn häsýetde garaşsyzlygyny alan Abhaziýanyň Döwlet başlygy Raul Hajimba bilen geçiren duşuşygyna nägilelik bildirdi

1250062
Gruziýadan Putine Abhaziýa bilen bagly reaksiýa

Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wladimer Kostantinid, Putiniň Russiýanyň Soçi şäherinde Rauf Hajimba bilen duşuşyk geçirmegi bilen baglanşykly beren beýanatynda, duşuşygyň Russiýanyň Gruziýa garşy edýän basyp alyjylykly syýasatyň dowamydygyny öňe sürdi.

Kostantinid: “Gruziýa bilen Russiýanyň arasynda 2008-nji ýylyň awgust aýynda bolan söweşiň 11-nji ýylynyň öňüsyrasynda, Wladimir Putiniň Abhaziýanyň hökümetiniň lideri bilen duşuşyk geçirmegi, basyp alyjylykly syýasatyny kanunalaýyklaşdyrmaga synanyşmakdyr we bikanun bir hereketdir” diýip belledi.

“Russiýanyň bu hereketi, Gruziýanyň özbaşdaklygyny we territorial bütewiligini nyşana alýar we halkara hukugyň esasy ýörelgeleriniň düzgünlerini bozýar” diýen Kostantinid, halkara jemgyýetiň hem Gruziýanyň territorial bütewiligini we özygtyýarlygyny konkret ýagdaýda goldaýandygyny ýatlatdy.  


Etiketkalar: #Abhaziýa , #Russiýa , #Gruziýa

Degişli Habarlar