Ukrainanyň Prezidenti Türkiýä sapar gurar

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşmak üçin Türkiýä resmi sapar gurar

1248062
Ukrainanyň Prezidenti Türkiýä sapar gurar

Ukrainanyň Prezident Diwanynyň metbugat merkezinden berilen beýanata göra, Zelenskiý 7-8-nji awgust aralygynda Türkiýä gurajak saparynda ilki bilen Prezident Erdogan bilen paýtagt Ankarada duşuşyk geçirer.

Ondan soň bolsa Zelenskiý, Stambulda Fener Rim Patriarhy Bartholomeos bilen duşuşyk geçirer.

Zelenskiý aprel aýynda geçirilen Prezident saýlawynyň edil yz ýany Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda dynç alypdy.

Ukrainada geç aý geçirilen möhletinden irki umumy saýlawlarda Zelenskiýniň Halkyň Hyzmatkäri partiýasy sesleriň 43,16 göterimini alyp, saýlawda 1-nji bolupdy.



Degişli Habarlar