Tramp Wenesuela bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Wenesuela garşy blokada ýa-da karantin yglan edip biljekdiklerini beýan etdi

1246613
Tramp Wenesuela bilen bagly beýanat berdi

Ak Tamyň howlusynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Tramp, ençeme günlik arakesmeden soň Wenesuela bilen bagly beýanat berdi.

Donald Tramp: “Wenesuela garşy blokada ýa-da karantin yglan etmegi pikir edýärsiňizmi?” soragyna: “Hawa pikir edýärin” diýip jogap berdi.

Tramp mesele bilen bagly beýleki soraglara bolsa jogap bermedi.

Resmi Waşington, Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Madurony ykrar etmeýän, özüni ýurdyň döwlet baştutany yglan eden Milli mejlisiň başlygy Huan Guaýdonyň ýolbaşçylygyndaky oppozisionerlere açyk ýagdaýda goldaw berýär.



Degişli Habarlar