Jewad Zarifden ABŞ-e çagyryş

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif, Eýrana, Russiýa we Hytaýa garşy göçümler edýän ABŞ-e global hakykatlara boýun bolmaga çagyrdy

1247096
Jewad Zarifden ABŞ-e çagyryş

Zarif, Twitter hasabyndan beren çagyryşynda: "Global söwda we güýç üýtgeýär. Ne Hytaýa we Eýrana garşy ykdysady terror ne-de INF (Orta aralykly ýadro güýçler ylalaşygy) ylalaşygyndan çekilmek prosesi bu etaby yza süýşürip biler. ABŞ özüni daşlaşdyrmakdan ýüz öwürmeli we täze global hakykatlara boýun bolmaly" diýip belledi. 

ABŞ-nyň hökümeti Eýran bilen ozal baglaşylan ylalaşykdan 2018-nji ýylda birtaraplaýyn häsýetde çekileninden soň bu ýurda garşy embargolar girizdi. 

Resmi Waşington şu gün 1987-nji ýylyň 8-nji dekbarynda Russiýa bilen baglaşylan INF ylalaşygyndan resmi ýagdaýda çekildi. 

 



Degişli Habarlar