Donald Tramp Polşa we Daniýa sapar gurar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 31-nji awgust – 3-nji sentýabr aralygynda Polşa we Daniýa sapar gurar

1246185
Donald Tramp Polşa we Daniýa sapar gurar

Ak Tamyň metbugat gullugyndan berilen ýazmaça beýanatda, Donald Trampyň we aýaly Melani Trampyň Polşa we Daniýa gurajak sapary bilen bagly maglumatlar paýlaşyldy.

Beýanata görä Tramp 1-nji sentýabrda Polşanyň paýtagty Warşawada II Jahan urşynyň başlamagynyň 80-nji ýyllygyna bagyşlanyp gurulan ýadygärlige we geçiriljek dabara gatnaşar.

Polşa saparyndan soň 2-nji sentýabrda Daniýa geçjek Tramp, ol ýerde bolsa Daniýanyň Şa zenany II Margret bilen duşuşyk geçirer.



Degişli Habarlar