"Pakistan bilen täze sahypa açmak isleýäris"

Tramp bilen Imran Han Ak Tamda bolan duşuşykdan soň Owal ofisde metbugata beýanat berdi

1240876
"Pakistan bilen täze sahypa açmak isleýäris"

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem Owganystan meselesinde hem-de özara gatnaşyklarda Pakistan bilen täze sahypa açmak isleýändiklerini aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen Pakistanyň Premýer ministri Imran Han Ak Tamda bolan duşuşykdan soň Owal ofisde metbugata beýanat berdi.

Iki lider beýanatynda ABŞ bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin tagalla edilýändigine ünsi çekdi.

Pakistanyň şu günki güne çenli ABŞ-na birnäçe meselede ýeterlik goldaw bermändigini aýdan Tramp, özünden ozalky Amerikaly we Imran Handan ozalky Pakistanly liderleriň ýalňyşlary sebäpli gatnaşyklaryň dartgynlaşandygyny belledi.

Geçen ýyl ABŞ-nyň Pakistana berýän harby kömegini kesmegi barada hem durup geçen Tramp: “Birnäçe ýylyň dowamynda Pakistana ýylda 1,3 milliard dollarlyk ýardam berdik. Emma Pakistan bize hiç hili goldaw bermedi. 1,5 ýyl ozal ýagny İmran Hanyň premýer ministrligi döwründen ozal şol harby kömegiň kesilmegini isledim. Dogrymy aýtsam häzirki wagtda Pakistan bilen edýän gatnaşyklarymyz ösmäge başlady we  ady agzalýan harby kömek ýaňadandan berlip bilner. Gysga wagtda Pakistan bilen edýän gatnaşyklarymyzy has-da ösdüreris” diýdi.

Pakistan bilen Hindistanyň arasynda Kaşmir meselesinde başdan geçirilýän dartgynlygyň çözülmegi üçin uly rol oýnap biljekdigini nygtan Tramp, “Iki hepde ozal Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi bilen duşuşdym we mesele barada pikir alyşdym.   Men dartgynlygyň çözülmegi üçin töwellaçy bolup biljekdigimi nygtadym bu mesele çözülmeli” diýdi.

Tramp Pakistanda saparda bolmakdan hoşal boljakdygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han bolsa ABŞ-nyň Pakistan bilen esasy hyzmatdaşdygyny belledi we täze döwürde özara gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygyny nygtady.

Han, Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky dartgynlygyň çözülmeginde ABŞ-nyň esasy rol oýnap biljekdigini we Trampyň bu meseledäki töwellaçylyk rolyna ähmiýet berýändiklerini aýtdy.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Imran Han , #Pakistan

Degişli Habarlar