ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň giýewsi Kuşner Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar gurar

Kuşner Ysraýylda, Iordaniýada, Müsürde, Saud Arabystanynda, Katarda we Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolar.

1240067
ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň giýewsi Kuşner Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar gurar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň giýewsi we kömekçisi Kuşner üstümizdäki aýyň ahyrynda Ysraýyl-Palestina parahatçylyk gepleşikleriniň çäginde Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar gurar.

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Ak Tama esaslanýan habaryna görä, Kuşner Ysraýyl-Palestina parahatçylyk meýilnamasynyň çägindäki 50 milliard dollarlyk ykdysady galkynyş bukjasyna goldaw berilmegi üçin Ysraýylda, Iordaniýada, Müsürde, Saud Arabystanynda, Katarda we Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolar.

Kuşneriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetde ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Greenblatt, Döwlet sekretarlygynyň ýolbaşçysy Hook we Kuşneriň kömekçisi Berkowitz ýer alar



Degişli Habarlar