Jihangiri: “ÝB-ne agza ýurtlar ABŞ-na basyş etmeli”

Eýranyň Prezidentiniň birinji Orunbasary İshak Jihangiri ÝB-ne agza ýurtlaryň Eýrana däl, eýsem sanksiýalaryny bes etmegi üçin ABŞ-na basyş etmelidigini aýtdy

1236950
Jihangiri: “ÝB-ne agza ýurtlar ABŞ-na basyş etmeli”

Paýtagt Tähranda geçirilen çärä gatnaşan Jihangiri ýadro ylalaşygy barada beýannama berdi.

Jihangiri ýadro ylalaşygynyň dowam etmegi we yzgiderli bolmagy üçin ÝB-ne agza ýurtlaryň wadalarynda durmalydygyny nygtap, olaryň Eýrana däl, eýsem sanksiýalary bes etmegi üçin Amerikan hökümetine basyş etmegini isledi.

Eýrana sanksiýalaryň bes edilmegi üçin çagyryş beren Jihangiri: “Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky wadalaryny berjaý etmegi ýeňil, birnäçe sagadyň dowamynda oňa karar berip bileris. Eýranyň wadalaryny doly berjaý etmegi üçin ylalaşyga tarap bolup durýan ýurtlar hem wadalaryny iş ýüzüne geçirmeli” diýdi.



Degişli Habarlar