Azazda guralan hüjümi guran 7 terrorçy ele salyndy

Siriýanyň demirgazygyndaky Azaz etrabynda iýun aýynyň başynda 23 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümi guran 7 sany ÝPG/PKK terrorçysy ele salyndy

1227668
Azazda guralan hüjümi guran 7 terrorçy ele salyndy

Azazyň etrap İçeri işler bölüminiň gullukçylary 2-nji iýunda Azazda bombaly ulag bilen guralan hüjümde esasy bölegi asuda ilatdan 23 adamyň pida bolmagyna, 70 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylary ele saldy.

Terror guramasynyň agzalary Azazyň ýerli kazyýeti tarapyndan tussag edildi.

Siriýanyň Jeýlanpynary etrabynda Siriýanyň Taýpalar we tireler Mejlisine agza 500-e golaý adam ýurtlarynda ýaýbaňlanýan ÝPG/PKK zulumyna reaksiýa bildirdi.

Siriýanyň Taýpalar we tireler Mejlisiniň metbugat sekretary Ahmet Ubeýd beren beýanatynda esasanda terror guramalarynyň asuda ilata edýän basyşynyň artýandygyny nygtap: “Gurama özüne boýun egmändigimiz üçin Siriýada ekilen ýerlerimizi ýakýar. ÝPG/PKK-nyň düzgünleriniň berjaý edilmegini isleýär. Gurama özüne garşy durýanlary öldürýär, sebitiň demografik gurluşyny özgertmäge synanşýar. Adamlara edilýän basyş günsaýyn agyrlaşýar. ÝPG/PKK-nyň bu basyşlaryny kabul etmeýär we berk ýazgarýarys. Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýaşaýan ähli halklaryň, araplaryň, kürtleriň, türkmenleriň we ezidileriň bu zulumlara bilelikde göreşmegine garaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar