Ukraina Russiýa bilen gepleşikler geçirmäge taýýar

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, NATO we ÝB-e agzalyk maksatlarynyň üýtgemändigini, Russiýa bilen bolsa gepleşiklere açykdyklaryny belledi

1213778
Ukraina Russiýa bilen gepleşikler geçirmäge taýýar

Prezident wezipesine saýlananyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Belgiýanyň paýtagty Brýussele guran Zelenskiý, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen geçiren duşuşygyndan soň guralan umumy metbugat ýygnagynda beýanat berdi.

Zelenskiý, NATO we ÝB-e agzalyk maksatlarynyň üýtgemändigini, ýurduny Ýewropa we Ýewro-Atlantige integrasiýa bolmagy ugrunda tagalla etjekdigini nygtady.

Russiýa bilen başdan geçirilen dartgynlyk bilen baglanşykly Zelenskiý: “Russiýa bilen gepleşikler geçirmäge taýýardyrys. Minsk ylalaşygyny ýola goýmaga taýýardyrys. Şonuň bilen birlikde özümizi gorap bilmegimiz we ykdysady, syýasy we harby ugurularda güýçlenmegimiz hökmany” diýip belledi.

Stoltenberg bolsa Ukrainany möhüm bir hyzmatdaş hökmünde häsýetlendirip, Owganystandaky we Kosowadaky NATO missiýalaryna berýän goldawy sebäpli minnetdarlyk bildirdi.

NATO-nyň Ukrainanyň territorial bütewiligine we özygtyýarlygyna güýçli ýagdaýda goldaw berýändigini aýdan Stoltenberg: “Hyzmatdaşlar, Russiýanyň bikanun basyp almagyny ykrar etmeýar we Gara deňizdäki pozisiýasyny ýazgarýar” diýdi.

Zelenskiý, Brýussele guran saparynyň çäginde ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan Klod Ýunker bilen hem metbugata ýapyk häsýetde duşuşyk geçirdi.



Degişli Habarlar