Ukrainanyň raýatlygy yzyna berlen Gruziýanyň ozalky Mihail Saakaşwili Ukraina gaýdyp geldi

Saakaşwili, Prezident Wladimir Zelenskiniň raýatlygyny yzyna berýän permanyndan soň Ukraina gaýdyp geldi

1211004
Ukrainanyň raýatlygy yzyna berlen Gruziýanyň ozalky Mihail Saakaşwili Ukraina gaýdyp geldi

Ukrainanyň raýatlygy yzyna berlen Gruziýanyň ozalky Prezidenti we Odessanyň ozalky gubernatory Mihail Saakaşwili Ukraina gaýdyp geldi

Ukrainanyň raýatlygyndan çykarlandygy üçin geçen ýyl ýurtdan çykarlan Saakaşwili, Prezident Wladimir Zelenskiniň raýatlygyny yzyna berýän permanyndan soň Ukraina gaýdyp geldi.

Polşanyň paýtagty Warşawadan taryfly uçar sapary bilen Borispol howa menziline gelen Saakaşwili, Ukrainada guran Täze güýçler partiýasy tarapyndan garşylandy.

Saakaşwili Ukraina gaýdyp gelmekden hoşaldygyny nygtady we Prezident Zelenskiniň özüne Ukrainanyň raýatlygyny yzyna bermek bilen garaşsyz syýasatçydygyny görkezendigini belledi.

Gruziýanyň ozalky Prezidenti Saakaşwili iki ýyl ozal döwrüň Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenkonyň permany bilen raýatlykdan we ýurtdan çykarlypdy

 



Degişli Habarlar