Wladimir Zelenskiý 20-njy maýda kasam edip wezipesine başlar

Wladimir Zelenskiý sesleriň 73,22 göterimini alyp birinji bolupdy

1202512
Wladimir Zelenskiý 20-njy maýda kasam edip wezipesine başlar

Ukrainada geçirlen prezident saýlawynyň ýenijisi Wladimir Zelenskiý 20-njy maýda kasam edip wezipesine başlar.

Ukrinform habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ukrainanyň Parlamentinde geçirlen sese goýulşykda 331 halk deputatyndan 315-niň sesi bilen Zelenskiniň resmi taýdan wezipä başlajak güni 20-njy maý hökmünde kesgitlendi.

21-nji aprelde geçirlen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda satirik Wladimir Zelenskiý sesleriň 73,22 göterimini alyp birinji bolupdy.

Bäsdeşi we häzirki prezident Petro Poroşenko bolsa sesleriň 24,45 göterimini alypdy.



Degişli Habarlar