Yrak Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlarynyň satyn alynmak isleýär

"Rus firmalary Yrakda esasan nebit-gaz pudagynda uly taslamalary durmuşa geçirýär"

1201949
Yrak Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlarynyň satyn alynmak  isleýär

Yragyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aýdar Mansur Hadi, Yragyň hökümetiniň Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlarynyň satyn alynmagy barada karar kabul edendigini aýtdy.

Ilçi Hadi, Russiýanyň paýtagty Moskwada beren beýanatynda, rus firmalarynyň Yrakda goýýan maýa goýumlarynyň artmagyny arzuw edýändiklerini belledi.

Hadi, rus firmalarynyň Yrakda esasan nebit-gaz pudagynda uly taslamalary durmuşa geçirýändigini nygtady.

Yrak bilen Russiýanyň arasynda S-400 howa goranyş ulgamynyň satyn alynmagy baradaky gepleşikler hakynda hem durup geçen Hadi “Yragyň hökümeti S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn almak isleýär, emma heniz taýarlanan hiç hili meýilnama ýok” diýdi.

 



Degişli Habarlar