ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeo Soçide Russiýanyň Prezidenti Putin bilen duşuşar

Pompeo 14-nji maýda Russiýanyň Prezidenti Putin we Daşary işler ministri Lawrow bilen duşuşar

1199118
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeo Soçide Russiýanyň Prezidenti  Putin bilen duşuşar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo 14-nji maýda Soçide Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Morgan Ortagus tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, Pompeonyň maý aýynyň 12-14-i aralygynda Moskwada we Soçide saparda boljakdygy nygtaldy.

Pompeonyň 13-nji maýda Moskwada ABŞ-nyň Russiýadaky ilçihanasynyň  işgärleri we Amerikaly işewür adamlary bilen duşuşjakdygy bellenildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň 14-nji maýda Soçide Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşjakdygy ýatladyldy

 

 



Degişli Habarlar