Taryhy Töwriz bazarynda bolan ýangynda 29 adam ýaralandy

2010-njy ýylda UNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda alynan bazarda 5500 dükan bar

1198006
Taryhy Töwriz bazarynda bolan ýangynda 29 adam ýaralandy

Eýranyň Töwriz şäherindäki taryhy Töwriz bazarynda bolan ýangynda 29 adam ýaralandy, 100-den gowrak dükana zyýan ýetirildi.

Eýranly Talyplaryň ISNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Töwriz bazarynda ýary gije bolan ýangynda 19-y ýangyn söndüriji bolmak bilen 29 adam ýaralandy.

Töwriziň dünýä mirasyny goramak edarasynyň müdüri Hüseýin İsmaili Sengeri bolsa ýerli wagt bilen sagat 22.00- töweregi başlan ýangynyn 8 sagat soň söndürlendigini nygtady.

Sengeri ýangynda 100-den gowrak dükana zeper ýetirlendigini belledi.

10 asyr ozal gurlan Töwriz bazasy dünýäniň iň uly ýapyk bazary hökmünde bilinýär.

2010-njy ýylda UNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda alynan bazarda 5500 dükan bar.

Töwriz şäheriniň simwollaryndan biri bolan bazar, taryhy gurluşy we bezegleri bilen ünsleri özüne çekýär.

 


Etiketkalar: #Töwriz , #bazar , #ýangyn

Degişli Habarlar