Nigerde üç günlik ýas yglan edildi

Nigeriýanyň paýtagty Niameýde 60 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen tanker pajygasy sebäpli 3 günlik ýas yglan edildi

1197764
Nigerde üç günlik ýas yglan edildi

Hökümet tarapyndan berilen beýanatda, ýurdyň paýtagtynyň gündogaryndaky Diori Hamani howa menziliniň golaýynda bolan tanker partlamasynda ýogalan adamlaryň sanynyň 60-a ýetendigi mälim edildi.

Beýanatda, bu waka sebäpli 8-10-njy maý aralygynda 3 günlik ýasyň yglan edilendigi mälim edildi.

Bir ýangyç tankeriniň geçen hepdäniň ýekşenbe güni awtozaprawkada goýjak mahaly agdarylmagy netijesinde tankeriň içindäki benzin töwerege akyp başlapdy. Tankerden çykýan benzini ýygnamaga synanyşýan köp sanda adamyň arasyndaky bir motosikl sürüjisiniň otlaýjy guralyndaky uçgun sebäpli ýanmaga başlan tanker gysga wagt soň partlady.  


Etiketkalar: #Niger , #ýas , #tanker

Degişli Habarlar