Owganystanyň Hyrat welaýatynda üç çaga ýogaldy

Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynyň Gulran etrabynda bolan partlamada 3 çaga ýogaldy

1195555
Owganystanyň Hyrat welaýatynda üç çaga ýogaldy

Hyrat welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Jeýlani Farhad, etrabyň Çahkohsani obasynda öýleriň biriniň içine ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijsinde 3 çaganyň ýogalandygyny, 2 çaganyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Farhad, bombanyň terrorçylar tarapyndan ýerleşdirilendigini habar berdi.  

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.


Etiketkalar: #Owganystan , #çaga , #bomba , #Hyrat

Degişli Habarlar