Wenesuelanyň baş prokurory: "Agdarlyşyk synanyşgyna gatnaşanlara garşy kazyýet işi gozgalar" diýdi

Wenesuelanyň baş prokurory Tarek William Saab, özüni wagtlaýyn döwlet baştutany yglan eden Milli mejlisiň başlygy Huan Guaýdonyň ýolbaşçylygyndaky agrdarlyşyk synanyşgyna gatnaşanlara garşy kazyýet işiniň gozgaljakdygyny aýan etdi

1192834
Wenesuelanyň baş prokurory: "Agdarlyşyk synanyşgyna gatnaşanlara garşy kazyýet işi gozgalar" diýdi

Saab, "teleSUR" telewideniýe kanalyna beren beýanatynda: "Azatlyk operasiýasy ady bilen ýurtda ganly bir söweş çykarmak isleýärler. Hukuk ýoluna ýüz tutarys. Agdarlyşyk synanyşgyna baş goşanlara garşy hukuk taýdan çäre göreris" diýip nygtady. 

Agdarlyşyk synanyşygynyň milli Boliwar rewolýusiýasyny ýok etmegi maksat edinýän ABŞ tarapyndan goldanýan bir hereketdigini aýdan Saab: "Wenesuelanyň halkyny, konstitutsiýa we demokratiýa edilen bu agdarlyşyk synanyşygyna garşy hökümetimizi goramaga çagyrýarys. Wenesuelanyň halky güýçli we mertebelidir. Ýurtda içerki söweş çykarmak isleýärler. Iň başyndan bäri maksatlary şoldyr. Biz Respublikany we parahatçylygy gorarys. Wenesuelanyň halky jebis we agzybir bolup ýurduny gorar" diýdi.  

 


Etiketkalar: #Wenesuela , #prokuror

Degişli Habarlar