BMG Liwiýada çaknyşyklar sebäpli halkyň ýagdaýynyň agyrlaşýandygy barada duýduryş berdi

“Tripolide dowam edýän çaknyşyklar sebäpli halkyň ýagdaýy agyrlaşýar, 39 müň adam öýüni terk etmeli boldy”

1190857
BMG Liwiýada çaknyşyklar sebäpli halkyň ýagdaýynyň agyrlaşýandygy barada duýduryş berdi

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stephane Dužarriç, Liwiýanyň paýtagty Tripolide we töwereklerinde dowam edýän çaknyşyklar sebäpli halkyň ýagdaýynyň agyrlaşýandygy barada duýduryş berdi.

Dužarriç gündelik metbugat ýygnagynda, asuda ilatly ýerlerde çem gelen ýere raketa hüjüminiň guralmagyna alada bildirýändiklerini nygtady.

Dužarriç, “Tripolide dowam edýän çaknyşyklar sebäpli halkyň ýagdaýy agyrlaşýar, 39 müň adam öýüni terk etmeli boldy” diýdi.

Çaknyşyklaryň başdan geçirilýän etrapçalarynda elektrik togynyň kesilendigini we suw ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigini aýdan Dužarriç, asuda ilatyň goralmagy we gyssagly halka ynsanperwer kömeginiň berilmegi barada çagyryş berdi.

Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetine tabynlykdaky güýçler bilen paýtagt Tripolini ele geçirmek üçin 4-nji aprelde hüjüme başlan General Halife Hafter güýçleriniň arasynda paýtagtyň töwereklerinde güýçli çaknyşyklar bolýar

 



Degişli Habarlar