Russiýa BMG-niň Durnuklylyk missiýasy bilen utgaşykly işleşer

Soňky döwürde Merkezi Afrika Respublikasynda pozisiýasyny güýçlendiren Russiýa BMG-niň Durnuklylyk missiýasynyň goşunlary (MİNUSKA) bilen utgaşykly işleşmek barada karar kabul etdi

1185839
Russiýa BMG-niň Durnuklylyk missiýasy bilen utgaşykly işleşer

Ýerli metbugatda çykan habarlara görä Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan tassyklanan karar bilen 30 rus esgeri golaýda MİNUSKA goşular.

Karara görä Merkezi Afrika Respublikasynda iş alyp barjak rus harbylary ofiserlerden, harby synçylardan we aragatnaşyk hünärmenlerinden ybarat bolar.

Russiýa halkara syýasy-harby şertlerde ýüze çykmagy ähtimal özgerlişikleriň parahatçylygy goramagyň mümkin bolmagyk şerti ýüze çykaran halatynda esgerlerini yzyna çagyrmak hukugyna eýe bolar.

Russiýanyň rus hususy harby firmasy “Wagnere” tabynlykdaky hakynatutma esgerler bilen Merkezi Afrika Respublikasynda iş alyp barýandygy bilinýär.

İýul aýynda harby geňeşçiler hökmünde iş alyp barýan hakynatutma esgerleriň işlerini öwrenen 3 sany rus žurnalisti Merkezi Afrika Respublikasynda öldürilipdi.



Degişli Habarlar