Dünýä ýurtlary Notr Dam katedralynda bolan ýangyna gynanç bildirdi

“Notr Dam ýangyny Fransiýa bilen birlikde İspaniýa we Ýewropa üçin hem betbagtçylyk"

1184095
Dünýä ýurtlary Notr Dam katedralynda bolan ýangyna gynanç bildirdi

Dünýä ýurtlary Fransiýanyň paýtagty Pariždäki taryhy Notr Dam katedralynda bolan ýangyna gynanç bildirdi

Ispaniýanyň Premýer ministr Pedro Sançes Twitter arkaly beren beýanatynda, “Notr Dam ýangyny Fransiýa bilen birlikde İspaniýa we Ýewropa üçin hem betbagtçylyk. Alawlar 850 ýyllyk taryhy bina zeper ýetirýär. Ýangyny ýatdan çykarmak gaty kyn bolar”diýdi.

Italiýanyň Premýer ministri Konte hem Twitter arkaly fransuz dilinde beren beýanatynda “Fransuzlar üçin, ýewropalylar üçin ýatdan çykmajak ýangyn” diýdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel hem Pariždäki ýangyna gynanç bildirdi we “Fransuz dostlarymyza goldaw berýäri” diýdi.

Awstriýanyň Prezidenti Aleksander Wan Der Bellen bolsa Twitter arkaly beren beýanatynda, “Kaşaň Notr Dam katedraly ýanar, ýangyna gynanç bildirýäris” diýdi

Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý hem Twitter arkaly beren beýanatynda ýangyna garşy göreşe göreşýänlere goldaw berýändiklerini belledi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk hem ýangyna gynanç bildirdi.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ýunker, Ýewropa Parlamentiniň başlygy Tažani, NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg, Watikan, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem Pariždäki ýangyna gynanç bildirdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar