Nigeriýada Boko Harama garşy geçirlen operasiýada 27 terrorçy öldürildi

Nigeriýanyň we Kamerunyň ýaragly güýçleri Boko Harama garşy bilelikde harby operasiýa geçirdi

1183687
Nigeriýada Boko Harama garşy geçirlen operasiýada 27 terrorçy öldürildi

Nigeriýanyň Borno welaýatynda terror guramasy Boko Harama garşy geçirlen operasiýada 27 terrorçy öldürildi.

Nigeriýanyň ýaragly güýçleriniň metbugat geňeşçisi Musa Sagir, mesele hakynda beren beýanatynda, Nigeriýanyň we Kamerunyň ýaragly güýçleriniň Borno welaýatynda Boko Harama garşy bilelikde harby operasiýa geçirendigi nygtaldy.

Operasiýalarda 27 terrorçynyň öldürlendigini aýdan Sagir, gurama degişli köp sanly ok-däriniň hem ele geçirlendigini ýatlatdy.

Sagyr “Nigeriýanyň we Kamerunyň ýaragly güýçlerinden ýogalan ýada ýaralanan ýok” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar