BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Sudanda başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Sudanda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam eder

1182525
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Sudanda başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi

 

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi, ABŞ-nyň we ÝB-ne agza 5 ýurduň çagyryşyna laýyklykda Sudanda başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi.

Maslahatdan soň  BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň aprel aýyndaky döwürleýin ýolbaşçysy we Germaniýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Kristoh Heusgen ÝB-ne agza ýurtlar Fransiýanyň, Britaniýanyň, Polşanyň, Germaniýanyn we Belgiýanyň adyndan beýanat berdi.

Heusgen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Sudanda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdigini we duşenbe güni  ýaňadandan jemlenişjekdigini nygtady.

Taraplara parasatlylyk çagyryşyny beren Heusgen, meseläniň parahatçylyklygy ýagdaýda çözüljekdigine ynanýandyklaryny aýtdy.

Kuweýdiň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Mansour Al Otaibi hem Howpsyzlyk geňeşiniň Sudanda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdigini nygtady.

 

 



Degişli Habarlar