Putin, Erdogan bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugat ýygnagynda söz sözledi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýurdunyň tebigy gaz bilen baglanşykly hem baha hem-de göwrüm taýdan Türkiýe üçin jogapkärçiliklerini ýerine ýetirýändigini habar berdi

1179636
Putin, Erdogan bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugat ýygnagynda söz sözledi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, düýn günortan giden Russiýada, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen, Türkiýe-Russiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatyna ýolbaşçylyk etdi.

Iki lider ondan soň bolsa umumy metbugat ýygnagyny geçirdi.

Metbugat ýygnagynda Putin: “Idlibde Soçi etabyna laýyklykda öňe gidişlikler edilýär” diýdi.

“Türkiýe bilen ykdysady we sebitleýin howpsuzlyk babatyndaky ähli kynçylyklara garamazdan örän netijeli hyzmatdaşlyk edýäris” diýen Putin: “Türkiýe bilen milli pul birlikler bilen söwda etmek bilen birlikde, ykdysady garaşsyzlygymyzy ýola goýmagymyz üçin elimizden gelen ähli zady edýäris” diýip belledi.

Rus lider ýurdunyň tebigy gaz bilen baglanşykly hem baha hem-de göwrüm taýdan Türkiýe üçin jogapkärçiliklerini ýerine ýetirýändigini habar berdi.

Putin, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda S-400 howa goranyş ulgamy bilen birlikde, harby-tehniki ugurlarda hem hyzmatdaşlygyň artandygyny belläp: “Türkiýe bilen ykdysady we sebitleýin howpsyzlyk babatyndaky ähli kynçylyklara garamazdan örän netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Medeni we ynsanperwer ugurlardaky  hyzmatdaşlygymyzy hem ele aldyk. Türkiýe rus syýahatçylaryň iň eý görülýän ýurdy ýagdaýyna öwrüldi. Türkiýäniň rus raýatlar üçin üpjün edýän howpsyz dynç alyş mümkinçiligi bu ugurdaky öňe gidişliklere möhüm goşant goşýar” diýip nygtady.
 



Degişli Habarlar