Şenbe güni Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protestleri dowam etdi

Fransiýada Sary ýeňsizliler, Prezident Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň syýasatyny protest etmek maksady bilen ýaňdandan köçelere çykdylar

1173870
Şenbe güni Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protestleri dowam etdi

Ýangyjyň bahalarynyň gymmatladylmagyna we ýaramaz ykdysady şertlere nägilelik bildirmek maksady bilen 2018-nji ýylyň 17-nji noýabrynda başlan, emma soňra Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy nägileliklere öwrülen Sary ýeňsizlileriň protestleriň 20-nji hepdesinde giň gerimli howpsuzlyk çäreleri görüldi.

Parižde Gare del Est atly otly bekdeniň öňünde ýygnanan demonstrantlar, Luwr muzeýinden geçip, Eýfel minarasynyň golaýyndaky Trokadero meýdançasyna çenli ýörediler. Polisiýa gullugynyň işgärleri çüýşe zyňan demonstrantlara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.

Demonstrantlaryň Şamp-Ýeliseý köçesinde demonstrasiýa geçirmekleri gadagan edildi.

Pariždäki demonstrasiýalarda 32 adamyň göz tussaglygyna alynandygy, Şamp-Ýeliseý köçesinde we onuň golaýynda demonstrasiýa geçirmek isleýän 21 adama pul jerimesiniň berilendigi mälim edildi.

Tuluza, Bordo, Sent-Ertýen, Awignon we Ruan şäherleriniň merkezlerinde demonstrasiýalaryň geçirilmegine rugsat berilmedi.

Awignonda şäheriň daşynda geçirilen demonstrasiýalarda, polisiýa işgärleri bilen demonstrantlaryň arasynda dartgynlyk başdan geçirildi, 2 adam ýeňil ýagdaýda ýaralandy.

Monpelýe şäherinde 2 polisiýa işgäriniň ýaralanan demonstrasiýada 8 adam göz tussaglygyna alyndy.

Bordo şäherindäki demonstrasiýada hem dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Tuluza şäherindäki demonstrasiýada bolan wakalarda bolsa 2-si polisiýa işgäri jemi 3 adam ýaralandy.

Ýurdyň Içeri işler ministrliginiň berýän habaryna görä, ýurtda geçirilen demonstrasiýalarda Parižde 4 müň bolmak bilen jemi 33 müň 700 adam gatnaşdy.



Degişli Habarlar