Wenesueladan gaçyp Kolumbiýa sygynan esgerleriň sany 1 müňe golaýlady

Wenesuelanyň Ýaragly güýçlerinden gaçyp, Kolumbiýa sygynan esgerleriň sany 1 müňe golaýlady

1166344
Wenesueladan gaçyp Kolumbiýa sygynan esgerleriň sany 1 müňe golaýlady

Taryhynyň iň uly syýasy krizisini başyndan geçirýän ýurtda, protestleriň başlan güni bolan 23-nji fewraldan bäri, ýurdyň Ýaragly güýçlerinden gaçyp, Kolumbiýa sygynan esgerleriň sany 1 müňe golaýlandygy mälim edildi.

Esgerleriň sany Kolumbiýanyň migrasiýa edarasy “Migracion Colombia” tarapyndan paýlaşyldy.

Kolumbiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmileri bolsa wenesuelaly esgerleriň maşgalalaryna agza ýene-de 400 adamyň Wenesueladan gaçyp Kolumbiýa sygynandygyny habar berdiler.

Ministrlik halkara adam hukuklary ylalaşygyna laýyklykda, migrantlaryň kabul ediljekdigini we goranjakdygyny mälim etdi.

Wenesuelanyň hökümeti bolsa aralarynda 1 general we 3 polkownik hem bolan jemi 116 harbyny “Watana hyýanat etmek” we “Ýaragly güýçleriň düzüminden gaçmak” aýyplamasyndan goşunyň düzüminden çykarylandygyny habar berdi.


Etiketkalar: #Wenesuela , #esger , #Kolumbiýa

Degişli Habarlar