Bir kepderi 1 million 252 müň ýewro satyldy
Dünýäniň iň gymmat kepderisi
1165763
Belgiýada geçirlen auksionda bir kepderi 1 million 252 müň ýewro satyldy.
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, internet arkaly geçirlen auksindo Armando atly flaman kepderi 1 million 252 müň ýewro satyldy.
Uzak aralykly ýaryşlarda çempion bolan 5 ýaşyndaky poçta kepderisini satyn alan Hytaýlynyň kepderini ýaryşlara gatnaşmak üçin däl eýsem neslini köpeltmek üçin satyn alandygy nygtaldy.
Belgiýada 2017-nji ýylda geçirlen başga bir auksionda poçta kepderilerinden biri 400 müň ýewro satylypdy.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 228 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.