Amerikan hökümetiniň NATO agza ýurtlara ýarag ulgamlary meselesinde basyş etmegi tankyt edildi

“NATO-nyň arkalaşygy 5-nji madda esasalanýar. F-35 madda däl”

1166119
Amerikan hökümetiniň NATO agza ýurtlara ýarag ulgamlary meselesinde basyş etmegi tankyt edildi

Fransiýanyň Goranmak ministri Florens Parly Amerikan hökümetiniň NATO agza ýurtlara ýarag ulgamlary meselesinde basyş etmegini tankyt etdi.

Ministr Parly ABŞ-nyň paýtagty Waşintona guran saparynyň çäginde Atlantik geňeşinde çykyş etdi.

NATO agza ýurtlaryň özara hyzmatdaşlyk üçin haýsydyr bir şert goýmagyna alada bildirýändigini aýdan fransuz ministr “Hyzmatdaşlyk şertsiz bolmaly ýogsam hyzmatdaşlyk bolmaz” diýdi.

Parly “NATO-nyň arkalaşygy 5-nji madda esasalanýar. F-35 madda däl” diýdi.

ABŞ-da käbir töwerekler Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamyny alan Türkiýä,  F-35 uçarlarynyň satylmagyna garşy tutum alyp barýar.

 



Degişli Habarlar