Awstraliýaly terrorçy hüjümi 2 ýyl ozal meýilleşdiripdir

Täze Zelandiýada iki metjide ýaragly hüjüm guran hüjümçilerden Brenton Tarrantyň Awstraliýalydygy anyklandy

1164369
Awstraliýaly terrorçy hüjümi 2 ýyl ozal meýilleşdiripdir

 

Täze Zelandiýada iki metjide ýaragly hüjüm guran hüjümçilerden Brenton Tarrantyň Awstraliýalydygy anyklandy.

Terrorçy göni ýaýlymda 5 ýarag bilen metjide hüjüm gurady.

Terrorçy metjidiň gapysyndan giren badyna çem gelen ýere ot açmaga başlady.

Terrorçynyň ýaraglarynyň ýüzünde ozal dünýäniň çar tarapynda musulmanlara hüjüm guranlaryň atlary ýazylýar.

Täze Zelandiýanyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan gaçmaga çalyşýarka ulagynda saklanan terrorçynyň, hüjümi 2 ýyl ozal meýilleşdirendigi we gyrgynçylygyň öň ýanyndan Twitter arkaly manifesto çap edendigi ýüze çykdy.

Terrorçy Tarrant manifestosynda 2011-nji ýylda Norwegiýada 77 adamy öldüren Anders Breiwikden ylham alandygyny ýazýar.

 



Degişli Habarlar