Eýranda tebigy gaz geçiriji turba partlady

Wakada 5 adam ýogaldy

1163454
Eýranda tebigy gaz geçiriji turba partlady

Eýranda tebigy gaz geçiriji turbanyň partlamagy netijesinde 5 adam ýogaldy.

Partlama Eýranyň günorta-günbataryndaky Ahwaz şäherinde boldy.

Şu gün irden bolan partlamanyň güýji bilen 200 metr uzaklykdaky ýoldan geçip barýan awtobus, ulag we ýük ulaglary ýandy.

Resmiler partlama sebäpli 5 adamyň ýogalandygyny, 6 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Golaýdaky ulaglaryň hem ýanmagyna sebäp bolan ýangyny söndürmek üçin Ahwazyň ýangyn söndüriji gullugy köp wagtlap iş alyp bardy.


Etiketkalar: #Eýran , #partlama , #tebigy gaz , #turba

Degişli Habarlar