ABŞ Hamza Bin Ladiniň kellesini getireni 1 million dollar bilen sylaglandyrar

Al Kaidanyň ozalky lideri Osame Bin Ladiniň ogly Hamza Bin Ladiniň kellesini getireni 1 million dollar bilen sylaglandyrlar

1154988
ABŞ Hamza Bin Ladiniň kellesini getireni 1 million dollar bilen sylaglandyrar

ABŞ terror guramasy Al Kaidanyň ozalky lideri Osame Bin Ladiniň ogly Hamza Bin Ladiniň kellesini getireni 1 million dollar bilen sylaglandyrar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Hamza Bin Ladini tussag edeniň sylaglandyrylmagy barada ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda Hamza Bin Ladin, Al Kaida guramasynyň täsiri güýçlenýän lideri hökmünde häsiýetlendirildi we 2015-nji ýyldan bäri guramanyň agzalaryny ABŞ-nyň harby bazalaryna hüjüm etmegi üçin höweslendirmek bilen 2011-nji ýylda öldürlen kakasy Osame Bin Ladiniň aryny almaga çalyşýandygy öňe sürüldi.

Beýanatda Hamza Bin Ladiniň 2017-nji ýylda “Halkara terrorçy statusyna” alynandygy we şol sebäpli ABŞ-daky ähli emlaklarynyň saklanandygy nygtaldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Adalat üçin baýrak meýilnamasynyň çäginde Al Kaidaniň lideri Hazma Bin Ladini tussag edeni ýada kellesini getireni 1 million dollar bilen sylaglandyrar

 



Degişli Habarlar