Italiýada aşa güýçli ýel sebäpli üç adam ýogaldy

Italiýanyň orta we günorta sebitlerinde täsirli bolan aşa güýçli ýel sebäpli 3 adam ýogaldy

1151413
Italiýada aşa güýçli ýel sebäpli üç adam ýogaldy

Italiýanyň Ansa agentliginiň berýän habaryna görä, ýurdyň ortasyndaky Lasio sebitindäki Alwito şäherçesinde bir diwaryň çökmegi netijesinde 2 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy.

Ýurdyň paýtagty Rimiň Guidonia etrabynda üstüne agaç gaçan bir ulagyň içindäki adamyň ýogalandygy habar berildi.

Mundan başgada Sen Sebastiano al Wesuwio şäherçesinde hem üstüne agaç gaçan ulagyň içindäki eje bilen gyzynyň ýaralanandygy beýan edildi.

Beýleki tarapdan ýaramaz howa şertleri sebäpkli Işa adasynyň portyndaki 2 gämi çakyşdy, wakada ýaralanan adam bolmady.


Etiketkalar: #Italiýa , #ýel , #Rim

Degişli Habarlar