ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Türkiýä ilçi hökmünde Dewid Satterfildi bellemek isleýär

Dewid Satterfild ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň iň tejribeli diplomatlaryndan biri

1146467
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Türkiýä ilçi hökmünde Dewid Satterfildi bellemek isleýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde Dewid Satterfildi bellemek isleýär

Ak Tamdan mesele hakynda berlen ýazmaça beýanatda Trampyň, Döwlet sekretarynyň orunbasarlaryndan Dewid Satterfildi ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde bellemek isleýändigi nygtaldy.

Dewid Satterfildiň ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolmagy üçin Senatda ýörite sese goýulşyk geçirler.

Dewid Satterfild ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň iň tejribeli diplomatlaryndan biri.

1980-njy ýyllardan bäri esasan Ýakyn Gündogar ýurtlarynda dürli wezipelerde işlän Dewid Satterfild 1954-nji ýylda dogulýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen edilýän gatnaşyklardan jogapkär orunbasary wezipesini ýerine ýetirýän Dewid Satterfild, Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň arasyndaky Astana etabyna ABŞ-nyň synçysy hökmünde gatnaşdy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar