Owganystanda Talibanlylaryň minomýot bilen guran hüjüminde üç adam ýogaldy

Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Tahar welaýatynyň Daşti Kale etrabynda Talibana agza terrorçylaryň minomýot bilen guran hüjüminde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy

1143873
Owganystanda Talibanlylaryň minomýot bilen guran hüjüminde üç adam ýogaldy

Tahar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Jewad Hijri, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Talibana agza terrorçylaryň Daşti Kale etrabynyň Şahri Kone obasyna minomýot bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi. 

Jewad Hijri, minomýodyň okunyň biriniň öýe degendigini we hüjümde 3 adamyň ýogalandygyny, 9 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Taliban tarapyndan waka bilen bagly entek beýanat berilmedi. 

 


Etiketkalar: #Owganystan , #Tahar , #minomýot

Degişli Habarlar